Skip to main content
Home Case law Statutes Constitutions
Esheria Esheria Turkmenistan Constitution
Share

Share this page

Send a link to this legal source.

Share to X Share to LinkedIn

Sign in
  1. Constitutions
  2. Turkmenistan
  3. 2

🇹🇲 TurkmenistanConstitution

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 21 January 2023 consolidated expression

2

Jurisdiction
Turkmenistan
Provision
2
Source language
root
Recorded status
in force
More details
Recorded status
in force

Provision text

Official source
amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär. 41-nji madda. Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däpler berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr. 42-nji madda. Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur. Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez. Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr. 43-nji madda. Raýatlara kanunda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär. 44-nji madda. Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar. Konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňkiniň alamaty boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlaklylygyna kast edýän syýasy partiýalaryň we gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça syýasy partiýalaryň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär. 45-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr. 46-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynyň elýeterliligine deň hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň adyl kazyýetlik amala aşyrylanda gatnaşmaga hukugy bardyr. 47-nji madda. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. 48-nji madda. Hususy eýeçilik hukugy kanun bilen goralýar. Her bir adam eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydyr. Miras hukugy kepillendirilýär. 49-njy madda. Her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez. 50-nji madda. Her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr. Döwlet adam üçin dynç almaga we boş wagtyny peýdalanmaga amatly şertleri döredýär. 51-nji madda. Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr. Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugy ýokdur. Adamyň öz ýaşaýyş jaýyny kast etmelerden goramaga hukugy bardyr. Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez. 52-nji madda. Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr. Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. 53-nji madda. Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr. 54-nji madda. Raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr. Ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär. 55-nji madda. Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär. 56-njy madda. Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar. Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. 57-nji madda. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr. 58-nji madda. Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir. 59-njy madda. Her bir adam kanunda bellenen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçludyr. 60-njy madda. Her kime at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär. Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz- özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine we hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. 61-nji madda. Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugy bardyr. 62-nji madda. Adam öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez. Psihiki ýa-da fıziki täsir etmegiň netijesinde, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur. 63-nji madda. Döwlet her bir adama ýuridik kömegi almaga bolan hukugy kepillendirýär. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýuridik kömek tölegsiz berilýär. 64-nji madda. Raýatyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur. Amala aşyrylan pursadynda hukuk bozulmasy hökmünde ykrar edilmedik hereketler üçin hiç kim jogapkärçilik çekip bilmez. 65-nji madda. Raýatlaryň şu Konstitusiýada göz öňünde tutulan aýry-aýry hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy diňe adatdan daşary ýa-da harby ýagdaýlar düzgüni şertlerinde Konstitusiýada we kanunlarda bellenen tertipde we çäklerde çäklendirilip bilner. III BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ ULGAMY I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER 66-njy madda. Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar. 67-nji madda. Ýerlerde döwlet häkimiýeti ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralar tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. II BAP. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI 68-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär. 69-njy madda. Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyp bilner. 70-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halky tarapyndan gös-göni ýedi ýyl möhlete saýlanýar we kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär. Türkmenistanyň Prezidentini saýlamagyň we onuň öz wezipesine girişmeginiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. 71-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti: 1) Konstitusiýany we kanunlary durmuşa geçirýär; 2) daşary syýasatyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, gepleşikleri geçirýär we halkara şertnamalaryna gol çekýär, daşary ýurt döwletlerindäki, döwletara we halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň ilçilerini we beýleki diplomatik wekillerini belleýär we yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny kabul edýär; 3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyny düzýär; 4) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, Ýaragly Güýçleriň ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek we ulanmak hakynda buýruk berýär; 5) Türkmenistanyň harby doktrinasyny tassyklaýar; 6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň ýokary serkerdeligini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar; 7) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini düzýär we oňa baştutanlyk edýär; 8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar; 9) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hem-de tassyklamagyna hödürleýär; 10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Türkmenistanyň Mejlisine gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Eger, Türkmenistanyň Mejlisi deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur; 11) ýurtdaky ýagdaý, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada her ýylky ýüzlenmeler bilen Türkmenistanyň halkyna we Türkmenistanyň Mejlisine ýüzlenýär; 12) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär; 13) sala salşyklary geçirmegiň senesini belleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatyny möhletinden öň çagyrmaga haklydyr; 14) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, oňa dikeltmek, raýatlykdan çykarmak we raýatlygy ýitirmek, şeýle hem gaçybatalga bermek hakynda meseleleri çözýär; 15) Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar; 16) Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar; 17) Türkmenistanyň Mejlisine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizýär; 18) rehim etmegi we günä geçmegi amala aşyrýar; 19) adatdan daşary we harby ýagdaýlaryň düzgünini girizýär; 20) Konstitusiýada we kanunlarda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär. 72-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bolan permanlary, kararlary we buýruklary çykarýar. 73-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty bolup bilmez. 74-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Onuň at-abraýy we mertebesi kanun bilen goralýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgalasynyň üpjünçiligi, hyzmat edilişi we goragy döwletiň hasabyna amala aşyrylýar. 75-nji madda - Türkmenistanyň 21.01.2023 ý. № 531-VI Konstitusion kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen. 76-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýanyň71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklaryndan başga ygtyýarlyklaryny beýleki döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara bermäge haky ýokdur. Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýär. Şu halatda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçen gününden başlap, altmyş günden gijä goýulman geçirilmelidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň borçlaryny ýerine ýetirýän adam Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenip bilinmez. Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizilip bilinmez. III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI 77-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. 78-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýarlar. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanyp bilner. 79-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisi aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner: 1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda; 2) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz- özüni ýatyrmagy); 3) alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan. 80-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi deputatlaryň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär, olaryň arasyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar. 81-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi: 1) Konstitusiýany we kanunlary kabul edýär, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar; 2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar; 3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar; 4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar; 5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär; 6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär; 7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar; 8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçyny saýlaýar; 9) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar; 10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär; 11) halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar; 12) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär; 13) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar; 14) Konstitusiýa we kanunlar bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär. 82-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunl

Source record

Source and verification

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 21 January 2023 consolidated expression · ombudsman.gov.tm · Retrieved 19 August 2026.

Check the upstream source for currency, amendments, and official formatting. The recorded status describes this source version.

Open upstream source

On this page

Provision textSource and verificationAll Turkmenistan provisions

Continue researching

Search this constitutionBrowse global constitutions

About this LexChat collection

Public constitutional materials with source attribution and rights-aware access. Verify the official wording before relying on a provision. Report corrections to hello@esheria.ai.

Back to Turkmenistan Constitution