Skip to main content
Home Case law Statutes Constitutions
Esheria Esheria Turkmenistan Constitution
Share

Share this page

Send a link to this legal source.

Share to X Share to LinkedIn

Sign in
  1. Constitutions
  2. Turkmenistan
  3. 3

🇹🇲 TurkmenistanConstitution

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 21 January 2023 consolidated expression

3

Jurisdiction
Turkmenistan
Provision
3
Source language
root
Recorded status
in force
More details
Recorded status
in force

Provision text

Official source
ary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hökman garalmalydyr. Türkmenistanyň Mejlisi aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez: 1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek; 2) jenaýat we administratiw kanunçylygy; 3) kazyýet önümçiligi. 83-nji madda. Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir. 84-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmak, şeýle hem dilden we hat üsti bilen sorag bermek hukugyna eýedir. 85-nji madda. Döwlet Türkmenistanyň Mejlisiniň her bir deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär. 86-njy madda. Deputat deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan mahrum edilip bilner. Şu mesele boýunça çözgüt Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmasa, deputat administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygy çäklendirilip bilinmez. 87-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez. 88-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy gizlin ses bermek bilen saýlanýar. Ol Türkmenistanyň Mejlisine hasabat berýär hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary açyk ses bermek arkaly saýlanýar, ol Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň bolmadyk halatynda ýa-da onuň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy mümkin bolmasa, onuň borçlaryny ýerine ýetirýär. 89-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy Türkmenistanyň Mejlisiniň işini guramagy amala aşyrýar. Prezidiumyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler. 90-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň, onuň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, deputatlarynyň iş tertibi, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen kesgitlenýär. IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETI 91-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr. 92-nji madda. Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler girýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar girizilip bilner. Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onuň öz wezipesine girişen gününden başlap, bir aýyň dowamynda düzülýär we täze saýlanan Prezidentiň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar. 93-nji madda. Ministrler Kabinetiniň mejlislerini Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da onuň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri alyp barýar. Ministrler Kabineti öz ygtyýarlylygynyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýär we buýruklary çykarýar. 94-nji madda. Ministrler Kabineti: 1) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar; 2) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem goramak, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini we milli howpsuzlygy goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar; 3) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary boýunça teklipleri, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de olary Mejlisiň garamagyna berýär; 4) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiň döwlet tarapyndan dolandyrylmagyny amala aşyrýar; 5) döwlet kärhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny dolandyrmagy guraýar; 6) tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär; 7) pul we karz ulgamyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri görýär; 8) zerur bolan halatynda Ministrler Kabinetiniň ýanynda komitetleri, baş müdirlikleri we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny döredýär; 9) daşary ykdysady işi amala aşyrýar, daşary ýurt döwletleri bilen medeni we gaýry gatnaşyklaryň ösmegini üpjün edýär; 10) hökümet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň işine ýolbaşçylyk edýär; ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hukuk namalaryny ýatyrmaga haklydyr; 11) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär. 95-nji madda. Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary, onuň işiniň tertibi, beýleki döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kanun bilen kesgitlenýär. V BAP. KAZYÝET HÄKIMIÝETI 96-njy madda. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir. 97-nji madda. Kazyýet häkimiýeti Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar. Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry gurluşlaryň döredilmegine ýol berilmeýär. 98-nji madda. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe Konstitusiýa we kanuna tabyndyrlar. Kazylaryň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär we oňa gatyşylmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär. 99-njy madda. Kazylaryň eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär. 100-nji madda. Kazylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar. Kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. 101-nji madda. Kazylar mugallymçylyk, döredijilik we ylmy-barlag işlerinden başga hak tölenilýän haýsydyr bir beýleki wezipäni eýeläp bilmezler. 102-nji madda. Işlere kazyýetlerde kollegial garalýar, kanunda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa kazy ýekelikde garaýar. 103-nji madda. Kazyýetlerde işler açyk seljerilýär. Işiň ýapyk mejlisde diňlenilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda, kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär. Kazyýet önümçiligi taraplaryň deňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylýar. 104-nji madda. Kazyýet önümçiligi döwlet dilinde alnyp barylýar. Işe gatnaşýan we kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän adamlara terjimeçiniň kömegi arkaly işiň materiallary bilen tanyşmak, kazyýet hereketlerine gatnaşmak, şeýle hem kazyýet mejlisinde ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär. 105-nji madda. Taraplaryň Türkmenistanyň kazyýetleriniň çözgütlerine, hökümlerine we gaýry kararlaryna şikaýat etmäge hukugy bardyr. 106-njy madda. Kazyýetleriň çözgütleri, hökümleri we gaýry kararlary Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr. 107-nji madda. Ýuridik kömegi almaga bolan hukuk kazyýet önümçiliginiň islendik tapgyrynda kepillendirilýär. Ýuridik kömegi bermek adwokatlar we şeýle kömegi bermäge hukugy bolan beýleki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar. 108-nji madda. Kazyýetleriň ygtyýarlylygy, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. VI BAP. DÖWLET HÄKIMIÝETINIŇ ÝERLI EDARALARY 109-njy madda. Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde kanunda bellenilen tertipde ýerli wekilçilikli edaralar – halk maslahatlary döredilýär, olaryň agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanýarlar. 110-njy madda. Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlary degişli çäkde: 1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar; 2) ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar; 3) kanunylygyň berjaý edilmegine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär; 4) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňleýär; 5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär. Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň kabul eden kararlary degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr. Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, olaryň agzalarynyň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. 111-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýeti ýerlerde: welaýatlarda – welaýat häkimleri, etraplarda – etrap häkimleri, şäherlerde – şäher häkimleri amala aşyrýarlar. 112-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar hem-de oňa hasabat berýärler. 113-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler. Häkimler öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagyndaky ýerlerde ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolan kararlary kabul edýärler. 114-nji madda. Häkimleriň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. IV BÖLÜM. ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ 115-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny Geňeşler we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary emele getirýärler. Geňeşler agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanylýan wekilçilikli edaralardyr. 116-njy madda. Geňeş degişli çäkde: 1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär; 2) býujeti düzýär we tassyklaýar, onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar; 3) salgytlary we ýygymlary, olary almagyň tertibini belleýär; 4) özüne degişli eýeçiligi dolandyrýar; 5) tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitleýär; 6) jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga ýardam edýär; 7) kanun tarapyndan Geňeşiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär. Geňeşiň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde kabul eden çözgütleri degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr. Geňeşlere amala aşyrylmagy üçin zerur bolan maddy we maliýe serişdelerini bölüp bermek arkaly kanun bilen aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklary berlip bilner. Berlen ygtyýarlyklaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär. 117-nji madda. Geňeş öz agzalarynyň arasyndan Geňeşiň işine ýolbaşçylyk edýän we oňa hasabat berýän arçyny saýlaýar. Arçyn Geňeşiň çözgütleriniň, döwlet häkimiýet edaralarynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem ýerli ähmiýeti bolan gaýry meseleleri çözýär. 118-nji madda. Geňeşleri we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralaryny döretmegiň we işiniň tertibi, şeýle hem olaryň döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary kanun bilen kesgitlenýär. V BÖLÜM. SAÝLAW ULGAMY, SALA SALŞYK 119-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugy bardyr, her bir saýlawçynyň bir sesi bardyr. Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen, şeýle hem azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän raýatlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegi ýol berilmesizdir we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär. 120-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenýär. 121-nji madda. Saýlawlar göni saýlawlardyr we saýlanylýan adamlar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanýarlar. 122-nji madda. Saýlawlarda ses bermek gizlindir, ses bermegiň barşynda saýlawçylaryň öz erk-islegini beýan edişine gözegçilik edilmegine ýol berilmeýär. 123-nji madda. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 124-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň has möhüm meselelerini çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner. Sala salşygyň netijesinde kabul edilen çözgütler diňe sala salşyk ýoly bilen ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner. 125-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň teklibi boýunça ýa-da saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlaryň azyndan iki ýüz elli müňüsiniň teklibi boýunça ählihalk sala salşygyny geçirmek barada çözgüdi kabul etmek hukugy Türkmenistanyň Mejlisine degişlidir. 126-njy madda. Ýerli sala salşyklary bellemek hukugy öz başlangyjy boýunça ýa-da degişli çäkde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan dörtden bir böleginiň teklibi boýunça Geňeşe degişlidir. 127-nji madda. Sala salşyklar ählumumy, deň, göni we gizlin ses bermek arkaly geçirilýär. Sala salşyklara Türkmenistanyň saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlary gatnaşýarlar. 128-nji madda. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. Saýlawlar we sala salşyklar adatdan daşary we harby ýagdaýlar düzgüni hereket edýän döwründe geçirilmeýär. VI BÖLÜM. PROKURATURA 129-njy madda. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenýär. Prokuror kazyýetlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenilen esaslarda we tertipde gatnaşýar. 130-njy madda. Prokuratura dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýär. 131-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär. Prokurorlary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. 132-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda diňe kanuny gollanýarlar. 133-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ygtyýarlylygy, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. VІI BÖLÜM. YKDYSADYÝET WE MALIÝE-KARZ ULGAMY 134-nji madda. Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. 135-nji madda. Döwletiň salgytlary, ýygymlary we gaýry hökmany tölegleri, olary tölemek borjunyň esaslary, salgyt töleýjiniň hukuk goragynyň ulgamy kanun tarapyndan bellenýär. 136-njy madda. Türkmenistanyň maliýe-karz ulgamy býujet ulgamyny, bank ulgamyny, maliýe edaralaryny, şeýle hem kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we Türkmenistanyň raýatlarynyň maliýe serişdelerini öz içine alýar. Türkmenistanda ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar. 137-nji madda. Türkmenistanyň býujet ulgamy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüm bölekleri bolan ähli derejedäki býujetleriň jeminden ybaratdyr. Türkmenistanyň býujet ulgamynyň düzülişiniň we işlemeginiň umumy ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslary kanun bilen kesgitlenýär. 138-nji madda. Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär. 139-njy madda. Türkmenistanyň milli pul birligi manatdyr. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň dolanyşygy kanun bilen düzgünleşdirilýär. VIII BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER 140-njy madda. Kanunlar, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalary Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýär. Konstitusiýada we kanunlarda görkezilen düzgünler biri-birine gabat gelmedik halatynda Konstitusiýanyň düzgünleri hereket edýär. 141-nji madda. Konstitusiýanyň döwlet dolandyryşynyň prezident respublikasy görnüşi hakynda düzgünleri üýtgedilip bilinmez. 142-nji madda. Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek hakynda konstitusion kanun, eger Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da ählihalk sala salşygyna gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarysyndan köpüsi oňa ses beren bolsa, ol kabul edilen diýlip hasap edilýär.

Source record

Source and verification

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 21 January 2023 consolidated expression · ombudsman.gov.tm · Retrieved 19 August 2026.

Check the upstream source for currency, amendments, and official formatting. The recorded status describes this source version.

Open upstream source

On this page

Provision textSource and verificationAll Turkmenistan provisions

Continue researching

Search this constitutionBrowse global constitutions

About this LexChat collection

Public constitutional materials with source attribution and rights-aware access. Verify the official wording before relying on a provision. Report corrections to hello@esheria.ai.

Back to Turkmenistan Constitution